Söwda sessiýasynda bitkoiniň bahasy 2022-nji ýylyň 4-nji maýyndan bäri ilkinji gezek 39 müň dollardan ýokary galdy. Muňa Coindesk platformasyndaky maglumatlar güwä geçýär. Şeýlelik bilen, Aşgabat wagty bilen 00:10-a çenli alnan maglumatlara görä, bitkoiniň bahasy 1,92% ýokarlanyp, 39 425 dollara ýetdi. Aşgabat wagty bilen 00:25-e çenli bitkoiniň bahasy arzanlady we 39 222 dollar boldy (+1,4%). Bitkoiniň bahasy soňky gezek 2022-nji ýylyň 4-nji maýynda 20 müň dollardan geçdi. Bitkoin — bu ulgamyň gatnaşyjysy bolan islendik ulanyjy tarapyndan “gazanylyp” (emitirlenip) bilinýän, blokçeýn tehnologiýasyna esaslanýan adybir kriptowalýutanyň merkezleşdirilmedik ulgamydyr. Munuň üçin täze ulgam bloklaryny döretmeli. Ulgamyň düşünjesi 2008-nji ýylyň noýabr aýynda onuň Satosi Nakamoto lakamly awtory (ähtimal, awtorlar topary) tarapyndan neşir edildi. Bitkoiniň aşa meşhurlygy diňe soňky ýyllarda ýokarlandy. Bitkoiniň emissiýasy tebigy taýdan çäklidir, häzirki wagtda onuň aglabasy eýýäm «gazanylyp alyndy».

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir