Hytaýly klimatologlar 2023-2024-nji ýyllaryň gyş paslynyň Ýeriň ortaça temperaturasynyň iň ýokary rekordyny goýjakdygyny, soňky onýyllyklaryň dowamynda ortaça görkezijiden bir dereje Selsiýa ýokary boljakdygyny 95% ähtimallyk bilen anykladylar. Bu barada Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Atmosfera fizikasy institutynyň metbugat gullugy geçen anna güni habar berdi. "Alymlar tarapyndan geçirilen hasaplamalar Ýewraziýanyň orta giňişliklerinde we Täze Dünýäniň köp böleginde temperaturanyň ýokary boljakdygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, Ýer togalagynyň umumy temperaturasynyň 2023-2024-nji ýyllaryň gyşynda täze rekord goýjakdygynyň 95% ähtimallygy bar. Aýratynam Hytaýda howanyň temperaturasy has-da ýokarlanar, ýurtda 1991-nji ýyldan bäri iň maýyl gyş bolar” - diýip, habarda aýdylýar. Pekindäki Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Atmosfera fizikasy institutynyň dosenti Çžen Feýanyň ýolbaşçylygyndaky hytaý klimatologlarynyň topary tarapyndan, howa gözegçilikleriň taryhynda häzirlikçe iň yssy hasaplanýan soňky ýylda planetanyň howasynyň nähili üýtgändigini öwrenilip, bu açyş edildi. Klimatologlaryň häzirki berýän bahalaryna görä, soňky 12 aýyň dowamynda temperatura XX asyryň başlary üçin adaty görkezijilerden Selsiýa boýunça 1,25 dereje we ondanam ýokary boldy. Alymlar bu rekord görkezijileriň diňe bir antropogen ählumumy maýyllaşmanyň tizleşmegi bilen bagly bolman, eýsem, El-Ninýo howa hadysasynyň güýçlenmegi bilen hem baglanyşyklydygyny çaklaýarlar. Feýiň we onuň kärdeşleriniň anyklaýşy ýaly, bu agzalan hadysa üç dürli global klimat modelini ulanyp, 2023-2024-nji ýyllaryň gyşynyň rekord derejede maýyl boljagynyň ähtimallygyny 95% eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir