Mercedes-Benz markasy we onuň Mercedes-AMG bölümi nemesleriň Hartan çaga kalýaskalaryny öndürijisi bilen hyzmatdaşlykda kalýaskalaryň täze seriýasyny hödürledi. Oňa All-Terrain, Avantgarde we Performance wersiýalary, şeýle hem AMG GT2-iň çäkli nusgadaky kalýaskalary girýär. Olaryň esasy özboluşly aýratynlygy “wegan” materialyndan bolmagydyr. Aýratynam sallançagynyň ýasalan innowasiýa materialyna Vegan Leatherette diýilýär. Daşyndan görnüşine görä we elläp göreňde ol eýi ýetirilen tebigy derä meňzeýär. Şeýle-de bolsa, onda haýwanlardan alnan önüm düşnügi ýok. Ol 100 000 sürtülmä çenli çydamlydyr. All-Terrain GTR seriýaly çaga kalýaskalary puržin podweskada çişirilýän şinalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Olar islendik tekizlikdäki ýerde aňrybaş rahat sürülýär. Kalýaskanyň çagany Günden goraýan teläri, teläriň beýikligini sazlap bolýan tutawajy, togtadyjy tormozy we bäş nokatly magnitli howpsuzlyk kemeri bar. Avantgarde we Performance seriýalary biri-birinden dizaýn taýdan tapawutlanýar. Olar GTX we GTS hilli sallançakly görnüşde elýeterlidir. Birinjisi ýeňil. Ikinjisi çaganyň ulalmagy bilen birlikde ulanylyş möhletini uzaldýan, sazlap bolýan uzynlygy hödürleýär. Beýlekilerden tapawutlanmak isleýänler üçin ýörite dizaýnda çäkli nusgadaky AMG GT2 seriýasy bar. Şeýle kalýaskadan diňe 299-sy öndüriler. Bahasy takyk aýdylmady. Köpçülikleýin öndürilýän modeller üçin bäş dürli reňk çözgüdi we AMG üçin iki sany aýratyn çözgüt elýeterdir. Her kalýaska tutawajyna aňsatlyk bilen dakylýan ownuk goş üçin torbaly gelýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir