Apple Ýewropa Bileleşiginiň “Sanly bazarlar baradaky” kanunynyň talaplaryny ýerine ýetirip, iPhone we iPad ulanyjylara başga bir çeşmelerden programma üpjünçiligini ýükläp almaga rugsat beren ýagdaýynda, Microsoft korporasiýasy iOS we iPadOS üçin hususy marketpleýsini döretmegi meýilleşdirýär. Onda iPhone we iPad üçin oýunlar hem goşundylar satylar. Bu barada Microsoft-yň oýun bölüminiň ýolbaşçysy Fil Spensere salgylanyp, Bloomberg habar berýär. “Bu biziň häzirki wagtda işjeň işleýän strategiýamyzyň möhüm bölegi. Şol bir wagtyň özünde biz ykjam gurluşlarda programma üpjünçiliginiň monetizasiýasy üçin has köp mümkinçilikleri görmek isleýän hyzmatdaşlar bilen bu taslamany ara alyp maslahatlaşýarys” – diýip, Spenser belledi. Microsoft-yň top-menejeri App Store-yň alternatiwasynyň haçan işe giriziljekdigini anyklaşdyrmady. Ýöne onuň aýtmagyna görä, munuň üçin birnäçe ýyl gerek bolmaz. Bloomberg Microsoft-yň iOS üçin marketpleýsiniň relizi indiki ýyl bolup biler diýip hasaplaýar. Sebäbi Apple 2024-nji ýylyň 6-njy martyna çenli ÝB-niň talaplaryny ýerine ýetirmeli.