Akylly sagatlaryň global bazary 2023-nji ýylyň III çärýeginde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9% ösüş görkezdi. Bu barada Counterpoint Research gözleg firmasynyň Global Smartwatch Model Tracker gözleginde habar berilýär. Akylly sagatlaryň üpjünçiligi II çärýekde ýokarlanyp başlady we bu tendensiýa şu ýylyň III çärýeginde saklandy. Ösüşe hytaý bazaryndaky ýokary görkezijiler, şeýle-de hindi bazarynda Fire-Boltt kompaniýasynyň ösüşi itergi berdi. Hytaýyň bazarynda Huawei öňdebaryjylygy saklaýar. Şol bir wagtyň özünde Apple hem geçen ýyl bilen deňeşdirilende akylly sagatlaryň üpjünçiligini 7% ýokarlandyryp, III çärýekde gowy netijeleri görkezdi. Ikinji nesliň Apple Watch SE modeliniň durnukly üpjünçiligi onuň ösüşine uly goşant goşdy. Huawei çärýek üçin umumy üpjünçiligiň 56% ösüşini görkezdi, şol bir wagtyň özünde akylly sagatlaryň HLOS modelleri 122% ösüş görkezdi. Huawei-niň 2023-nji ýylyň II çärýeginde çykan Watch 4 we 4 Pro, şeýle-de III çärýekde çykarylan Watch GT 4 seriýasynyň sagatlary uly meşhurlyga eýedir. Samsung akylly sagatlaryň üpjünçiliginiň ýyllyk hasabynda 19% azalmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ýöne awgust aýynda çykan täze modeller özünden öňküler bilen deňeşdirilende bary-ýogy 3% pese gaçyşy görkezdi. Kompaniýanyň üpjünçiliginiň azalmagy köne modellere bolan islegiň has pese gaçmagy bilen baglanyşyklydyr. Fire-Boltt çärýek üpjünçiliginiň rekord möçberine ýetip, Hindistanda akylly sagatlaryň bazarynda öňdebaryjy orna gaýdyp geldi. Şeýle-de bolsa, Hindistanda iň uly akylly sagat brendiniň üçüsinde-de ösüş depgininiň peselendigi hasaba alyndy: Fire-Boltt, Noise we boAt.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir