Toyota Motor 2026-njy ýyla çenli Ýewropada zyňyndy derejesi nol bolan ýeňil awtoulaglardan başlap, ýeňil ýük ulaglaryna çenli 15 sany awtomobil modelini hödürlär. Bu barada kompaniýanyň habaryna salgylanyp, interfax.ru habar berýär. Şol wagta çenli Ýewropada Toyota elektromobilleriniň satuwynyň ýylda 250 müň birlikden, şeýle ulaglaryň umumy satuwdaky paýynyň bolsa 20%-den geçmegine garaşylýar. Häzirki wagtda elektrikleşdirilen awtomobilleriň (şol sanda gibridler, birikdirilýän gibridler we ýangyç bilen işleýän awtomobiller) paýyna Toyota-nyň Ýewropa sebitindäki satuwynyň 71%-i düşýär we kompaniýa bu paýyň 2024-nji ýyla çenli 75%-e çenli ýokarlanmagyna garaşýar. Geljekde elektrikleşdirilen ulaglaryň paýy elektromobilleriň kömegi bilen ösmegini dowam etdirer diýip, kompaniýa belleýär. 2023-nji ýylda Ýewropada Toyota-nyň ýeňil ýük ulaglarynyň satuwynyň 20%-den gowrak ýokarlanmagyna we 140 müňden geçmegine garaşylýar. Ýapon awtoöndürijisi 2040-njy ýyla çenli Ýewropadaky amallarynyň uglerod bitaraplygyny gazanmagy maksat edinýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir