«Time» amerikan žurnaly «Ýylyň adamy» adyna dalaşgärleriň gysga sanawyny hödürledi. Bu barada TASS habar berýär. Şeýlelikde, dalaşgärleriň arasynda Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III, “Barbi” filminden Barbi gurjagy, amerikaly aýdymçy Teýlor Swift, HHR-iň prezidenti Si Szinpin, ChatGPT-ini işläp düzüji Sem Altman, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, şeýle-de Golliwudyň ssenariýaçylary we aktýorlary bar. Ýeňiji çarşenbe güni – 6-njy dekabrda yglan ediler. «Time» žurnaly 1927-nji ýyldan bäri her ýyl «Ýylyň adamyny» saýlaýar. 2022-nji ýylda bu adyň eýesi Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý, 2021-nji ýylda telekeçi Ilon Mask boldy. 1927-nji ýylda bu titula ilkinji bolup taryhda ilkinji gezek Atlantikanyň üstünden ýeke uçup geçen amerikaly uçarman Çarlz Lindberg eýe boldy. Ýylyň adamy 70 gezekden gowrak syýasy we jemgyýetçilik işgärleri boldy. Olaryň arasynda Mahatma Gandi (1930), Uinston Çerçill (1940, 1949), Ýelizaweta II (1952), Şarl de Goll (1958), Martin Lýuter King (1963) we beýlekiler bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir