Grand Theft Auto 6 rekord goýmagyny dowam edýär. Ilki bu oýnuň posty X (Twitter) sosial torunda rekord derejede laýk gazandy, indi bolsa onuň treýleri YouTube-de ilkinji 24 sagadynda iň köp tomaşa edilen aýdym däl wideo boldy. Doly däl 24 sagatda wideony 70 milliondan gowrak gezek gördüler. GTA 6 YouTube-de ähli wideolaryň rekordyny döwüp bilmez diýlip çaklanylýar. Bu rekord BTS toparynyň Butter şekilli aýdymyna degişli (ilkinji 24 sagadynda 108,2 mln tomaşa). Janköýerleriň hasaplamalaryna görä, GTA 6 24 sgatdan soň 85-90 mln töweregi tomaşa gazanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir