Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Maksat Çaryýew we Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa Botswananyň Kasane şäherinde bu guramanyň maddy däl medeni miras boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji sessiýasynyň işine gatnaşýar. “Sessiýanyň dowamynda jemi 55 arza gözden geçiriler, şolardan 45 element adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna, 6-sy goraga mätäç maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizmek üçin hödürlendi” – diýlip, HBS üçin ýaýradylan metbugat relizinde aýdylýar. Bellenilişi ýaly, ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji sessiýasy 9-njy dekabra çenli dowam eder. Onuň işine ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça konwensiýasyna 181 gatnaşyjy döwletiň wekilleri gatnaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir