OnePlus kompaniýasy Hytaýda OnePlus 12 flagman smartfonynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Bu barada Gizmochina neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. OnePlus 12 smartfonynyň OnePlus 11-den käbir tapawudy bar. Mysal üçin, täze smartfon ortasynda metal çarçuwaly aýnadan sendwiç gurluşa, şeýle-de IP65 ülňüsi boýunça çyglylykdan we tozandan goraga eýe boldy. Gurluş LPDDR5x operatiw ýat we UFC 4.0 saklaýjysy bilen sazlaşykda Qualcomm Snapdragon 8 Gen 3 çipseti bilen enjamlaşdyryldy. Ol meýdany 9 140 mm2 bolan bug kamerasy görnüşinde sowadyş ulgamy bilen üpjün edildi. Telefon BOE-den 6,82 dýuým OLED displeýine eýe boldy. Paneliň durulygy 3168 x 1440 piksel (QHD+), dykyzlygy 510 PPI we täzeleniş ýygylygy 1-den 120 Gs çenli. Täze smartfon OnePlus Open ýaly kameralar toplumyna eýe boldy. Ýagny, 50 Mp Sony LYT-808 esasy datçigi, 64 MP OmniVision OV64B sensory hem-de 48 MP Sony IMX581 ultra giň burçly moduly aldy. Öň tarapynda 32 MP selfi-kamera bar. Akkumulýatoryň sygymy 5400 mAs. Smartfon 100 Wt çenli simli zarýad berşi we 50 Wt çenli simsiz zarýad berşi göterýär. OnePlus 12 satyn almak üçin eýýäm Hytaýda 4,3 müň ýuan baha bilen elýeterlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir