AnTuTu bençmarky Apple-iň iň öndürijilikli ykjam gurluşlarynyň täze aýlyk reýtingini hödürledi. Noýabr aýynyň jemi boýunça liderleriň üçlügini iPad Pro-nyň dürli wersiýalary eýelemegi dowam etdirýär. Şol bir wagtyň özünde täze iPhone 15 hatarynyň smartfonlary-da öndürijilik taýdan, haýran ediji bolmasa-da, erbet netije görkezmeýär. Şeýlelik-de, iPhone 15 Pro bu reýtingde altynjy orny eýeledi we häzirki wagtda Apple smartfonlarynyň arasynda iň öndürijilikli smartfondyr, ýedinji orunda iPhone 15 Pro Max ýerleşýär. Olaryň yzyndan geçen ýylky iPhone 14 Pro we iPhone 14 Pro Max gelýär, ilkinji onlugy iPhone 15 Plus jemleýär. Esasy wersiýa iPhone 15 bolsa 11-nji orny eýeledi. Maglumatlar 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryndan 30-njy noýabry aralygynda ýygnaldy. Reýtingde iň ýokary netijeleriň däl-de, ortaça netijeleriň görkezilýändigini bellemek gerek. Şeýle-de, her bir model üçin azyndan 1000 synagyň netijesi ulanyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir