Beýik Britaniýada awtoulag mekdebiniň bir okuwçysy teoretiki sürüjilik synagyndan geçmek üçin 60 gezek synanyşdy. Bu barada The Guardian ýazýar diýip, gazeta.ru belleýär. Sürmegi öwreniji synagy Wusterşir graflygynyň Redditç şäherindäki synag merkezinde tabşyrdy we ondan geçmek üçin edilen synanyşygyň sany boýunça Britaniýada rekord goýdy. Beýleki graflyklarda oňyn netije almazdan ozal 53, 55 we 57 gezek synag tabşyran talyplar hem bar. Synagy tabşyrmak üçin rekord eýesi 60 sagat we 1380 funt sterling sarp etdi. Ulag ministrliginiň maglumatlaryna görä, soňky 15 ýylda teoretiki synaglary tabşyrmagyň derejesi 21% pese gaçdy we häzir 44%-e barabar. Düzgüne görä, talyp sürüjiler amaly synaga ýazylmak üçin ilki bilen sürüjilik teoriýasy boýunça test tabşyrmaly. Her synanyşygyň bahasy 23 funt sterling bolup, bir sagada golaý wagt alýar. Testden üstünlikli geçip bilmedikler ony täzeden tabşyrmak üçin azyndan üç iş güni garaşmaly. Testiň özi birnäçe jogap warianty bilen ýol hereketiniň düzgünlerine degişli 50 soragdan durýar. Oňyn baha almak üçin öwreniji azyndan 43 dogry jogap bermeli. Şondan soň talyp sürüjilere sürüş wagty ýüze çykyp biljek hakyky wakalary saklaýan 14 wideo görkezilýär, olar bolsa bolup biljek howpa baha berip, iň bolmanda, 75-den 44 bal almaly.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir