Xiaomi kompaniýasy öňkülerden kuwwaty pes prosessory we kameralary bilen tapawutlanýan «Redmi K70E« arzan smartfonyny çykardy. «Redmi K70E» 1,5K durulykly, 120 Hz täzelenme tizligi we 1920 Hz giňlik-impuls modully garalma ýygylygy bolan 6,67 dýuýmlyk OLED ekran bilen üpjün edildi. Displeýiň iň ýokary ýagtylygy 1800 nit-e deňdir. Şeýle hem ekranyň aşagynda barmak yzy skaneri ýerleşdirildi. Smartfonyň esasy kamerasy 64 megapiksel durulyga we şekili optiki taýdan stabilizasiýalaşdyrmak ulgamyna eýedir. Onuň üstüni 8 megapiksel ultra giň burçly modul we 2 megapiksel durulykly ikinji derejeli sensor ýetirýär. «Redmi K70E-niň» öndürijiligine täze 4nm-lik «MediaTek Dimensity 8300 Ultra» çipi, LPDDR5X operatiw ýady we UFS 4.0 goşmaça ýady jogap berýär. Smartfonyň 5500 mA/s akkumulýatory 90W zarýad beriji bilen goldanýar. Şeýle hem Stereo dinamikleriň we NFC modulynyň ornaşdyrylandygy bellenilýär.