«Xiaomi» kompaniýasy iri tanyşdyryş dabarasyny geçirip, onuň çäklerinde «Redmi K70» we «K70 Pro» flagman smartfonlaryny hödürledi. Iki enjam hem 2K durulykly, 120 Hz täzelenme tizligi we 3840 Hz giňlik-impuls modully garalma ýygylygy bolan 6,67 dýuýmlyk OLED ekran bilen üpjün edildi. «Redmi K70» smartfonlarynyň ekranlarynyň esasy artykmaçlygy iň ýokary 4000 nit derejä ýetýän rekord ýagtylygydyr. «Redmi K70-niň» öndürijiligine geçen ýylky «Snapdragon 8 Gen 2» flagman çipi jogap berýär, «Redmi K70 Pro» bolsa täze «Snapdragon 8 Gen 3» bilen üpjün edildi. Iki enjamda hem LPDDR5X operatiw ýat we UFS 4.0 goşmaça ýat ulanyldy. Iki smartfonyň hem akkumulýatorynyň sygymy 5000 mA/s bolup, olar 120 Wt tiz zarýad beriji bilen üpjün edilýär. «Redmi K70 Pro-nyň» esasy kamerasy 50 megapiksel durulykda bolup, 1/1,55 dýuým ululygy we f/1,6 diafragmasy bolan «Light Hunter 800» sensory bilen enjamlaşdyrylan. Ol şekili optiki taýdan stabilizasiýalaşdyrmak ulgamyna we «Xiaomi Night Owl» sesi basmak algoritmine eýedir. Mundan başga-da, smartfonda iki esse optiki ýakynlaşdyrma (zum) mümkinçiligi bolan 50 megapiksellik teleobýektiw we 8 megapiksellik ultra giň burçly kamera ornaşdyryldy. Smartfonyň sekuntda 30 surata düşmäge ukyplydygy aýdylýar. Esasy «Redmi K70-de» teleobýektiwiň ýerine 2 MP kömekçi kamera bilen üpjün edildi. Iki smartfon hem «Android 14-iň» esasynda işleýän «Xiaomi HyperOS 1.0.1» operasion ulgamy bilen üpjün edildi. Täze smartfonlaryň bahasy 2,5 müň ýuandan başlaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir