«Xiaomi» kompaniýasy uly ekrany, suwa garşy goragy we arzan bahasy bolan «Redmi Watch 4» akylly sagadyny tanyşdyrdy. «Redmi Watch 4» demir korpus, 450x390 piksel durulygy, 60 Hz şekil täzeleniş tizligi we «Always on Display» goldawy bolan 1,97 dýuýmlyk AMOLED displeý bilen üpjün edildi. Şeýle hem ekran üçin 200-den gowrak dürli sagat şekilleriniň girizilendigi bellenilýär. «Watch 4» giň sport we fitnes mümkinçiliklerine eýedir. Ol türgenleşikleriň 150-den gowrak görnüşini yzarlap, şeýle hem ýürek urgusyny, gandaky kislorodyň derejesini, ukynyň hilini, stressi we beýleki saglyk görkezijilerini ölçäp bilýär. Mundan başga-da, enjam 5 atmosfera çenli basyşa çydamaga mümkinçilik berýän NFC moduly we suwa garşy gorag bilen enjamlaşdyrylandyr. Öndürijiniň bellemgine görä, «Redmi Watch 4» adaty tertipde 20 güne çenli, «Always on Display» tertibi açylanda 10 güne çenli, garaşmak tertibinde bolsa 30 güne çenli işläp bilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir