Century premium ulagy ýygnalanda käbir amallary ýerine ýetirmeklik Toyota zawodynyň işgärleriniň bir minuda çenli wagtyny alýar, beýleki modellerde bolsa muňa bäş sekunt töweregi wagt gidýär. Bu barada Toyota Times korporatiw neşiri ýazýar. Bu gijikme gurnama işine bildirilýän has ýokary talaplar bilen baglanyşykly. Century-niň ýygnalýan ýeri bolan Takhar zawodynda bir ýarym müň töweregi adam işleýär. Ýöne krossoweriň ýygnalmagy üçin, iň tejribeli işgärleriň diňe 40-sy saýlandy, olar saýlanandan soň bäş aýlap hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler. Okuwy tamamlanlaryndan soň, olar modeliň taryhy we onuň maksatly hyrydarlaryny bilmek ýaly üç synagdan geçmeli boldular. Century-niň önümçiliginiň jikme-jikliklerini neşir krossoweriň podweskasyny gurnaýan işgärleriň tejribesinden mysallar alyp görkezýär. Beýleki modellerde boltlar berkidilende 20% çydamlylyk ulanylýar: mysal üçin, 100 Nm bolanda 80-120 Nm güýç ulanylýar. Century gurnalanda bary-ýogy 5 göterim üýtgemäge mümkinçilik berýär we işgärler, hatda, şonuň hem öňüni almaga synanyşýandyklaryny aýdýarlar. Iň ýokary takyklygy üpjün etmek üçin käbir amallar ýerine ýetirilende, adatça biri ýeterlik bolýan bolsa-da, üç dürli gural ulanylýar. Mundan başga-da, ulagyň şassisiniň gurnalýan meýdançasyndaky işgärler sanly dinamometriki açarlary ulanýarlar, olaryň görkezijileri şol wagtyň özünde kompýutere iberilýär we ýazgy edilýär. Şeýlelik bilen, zerur bolanda her nusganyň goýberilişini jikme-jik yzarlamak mümkin bolýar. Ýokary standart gurnamagyň haýal depgini bilen şertlendirilýär. Neşiriň berýän maglumatyna görä, Takhardaky zawod günde üç Century-den artyk öndürip bilmeýär.