UEFA Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyrynyň iň gowy oýunçysy adyna dalaşgärleriň adyny yglan etdi. «Galatasaraýyň» ýarymgoragçysy Hakim Ziýeş, «Lasio» toparynyň hüjümçisi Çiro Immobile, «Mançester Sitiniň» ýarymgoragçysy Fil Foden we «Benfikanyň» ýarymgoragçysy Žoau Mariu dalaşgär görkezildi. Mariu «Inter» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:3) het-trik amala aşyrdy. Immobile “Seltik” bilen oýunda (2:0) iki pökgi geçirdi. Foden «RB Leipzige» garşy geçirilen oýunda (3:2) bir gol saldy we iki ýardam pasyny berdi. Ziýeş «Mançester Ýunaýted» bilen oýunda (3:3) bir gola we netijeli pasa adyny ýazdyrdy. Çempionlar ligasyndaky ilkinji dört oýun hepdesiniň netijelerine görä, «Portunyň» oýunçysy Galeno, «Atletikonyň» hüjümçisi Alwaro Morata, «Portunyň» hüjümçisi Ewanilson we «Tottenhemiň» hüjümçisi Son Hyn Min iň gowy oýunçylar diýlip ykrar edildi. Hepdäniň iň gowy goly üçin dalaşgärleriň sanawyna «Real Madridiň» hüjümçisi Rodrigo, «Arsenalyň» ýarymgoragçysy Martin Edegor, «Galatasaraýyň» hüjümçisi Kerem Aktürkoglu we «Mançester Ýunaýtediň» ýarymgoragçysy Brunu Fernandeş girdi. Hepdäniň iň gowy oýunçysy we iň gowy goly UEFA-nyň resmi web sahypasynda ses bermek arkaly kesgitlener.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir