Hytaýyň «Realme» korporasiýasy 200 million smartfonyň satylandygyny habar berdi. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, bu üstünlik kompaniýa döredilenden bäş ýyl geçensoň gazanyldy. «Realme» Hytaýyň «BBK Electronics» korporasiýasyna degişlidir, şeýle hem ol «Oppo» we «Vivo» smartfonlarynyň öndürijilerine-de eýeçilik edýär. Bellenilmegine görä, diňe bäş kompaniýa «Realme-den» has çalt 200 million smartfon satmagy başardy. Olar «Vivo», «Huawei», «Samsung» we «Apple» kompaniýalarydyr. 2023-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäde diňe 14 sany smartfon öndürijisi 200 milliondan gowrak enjamyny bazarda ýerlemegi başardy. «Soňky bäş ýylda dünýäniň iň gowy 10 brendiniň birine öwrülendigimize diýseň buýsanýarys» diýip, «Realme» korporasiýasynyň marketing boýunça müdiri Sýuý Si belledi. Şeýle hem kompaniýanyň baş menejeri «Realme-niň» bazarda 700-e golaý smartfon brendi bar wagtynda ýüze çykandygyny aýtdy. Häzirki maglumatlara görä, 2023-nji ýylda bazarda 250-ä golaý smartfon brendi hasaba alyndy.