Garyşyk başa-baş söweşiň irlandiýaly söweşijisi Konor Makgregor dördünji gezek kaka boldy. Ol bu barada sosial ulgamlarda habar berdi we täze doglan çagasy hem gelni bilen ilkinji suratlary paýlaşdy. “Ýene bir sagdyn oglanjyk dünýä indi. Di, sen meniň gahrymanym” – diýip, türgen ýazdy. Makgregor söýgülisi Di Dewlin bilen bilelikde çagalaryny terbiýeleýär. Täze doglan oglundan başga-da, olaryň üç çagasy bar: alty ýaşly Jek, dört ýaşly Kroýa we iki ýaşly Rian. Makgregor bilen Di Dewlin 2008-nji ýylda klubda tanyşdylar. Söweşijiniň aýtmagyna görä, Dewlin oňa gowy bolup göründi we olar derrew dil tapyşdylar. Di žurnalistlere ilkinji nobatda Makgregoryň käriniň, şeýle-de güldürip bilmek başarnygynyň haýran galdyrandygyny gürrüň berdi. Ýöne bu jübütiň gatnaşyklary hemişe ýönekeý bolmandy: bir wagtlar söweşijiniň işi ýokdy we olar işsizlik boýunça kömek puluna ýaşadylar. Soňrak Konor söhbetdeşlikde indi başdan geçirilen kynçylyklaryň öwezini dolup, aýaly üçin hiç zatdan boýun gaçyrmaýandygyny aýtdy. 2020-nji ýylda Makgregor çagalarynyň ejesine durmuşa çykmagy teklip etdi, Dewlin muňa razy boldy. Şeýle-de bolsa, olar heniz toý etmediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir