Geljek ýyl Seulyň başlangyç we orta mekdeplerinde okuwçylara iňlis dilini özleşdirmäge kömek etmek üçin “repetitor robotlar” ulanylyp başlanar. Bu barada ferra.ru habar berýär. Bu täzelik döwlet mekdeplerinde iňlis dilini okatmagy güýçlendirmegiň çäginde Seulyň Bilim edarasy tarapyndan yglan edildi. Hususy kompaniýa bilen bilelikde işlenip düzülen robotlar indiki ýylyň mart aýynda synag üçin paýtagtyň bäş mekdebine iberiler. Ofisiant robotlara meňzeş emeli aň mugallymyň kömekçisi hökmünde hereket edip we dili göterijiniňki ýaly gepleşikdäki iňlis dilini görkezip, okuwçylar bilen iňlis dilinde ýekeme-ýeke gürleşip biler. Şeýle-de, robotlar her bir okuwçynyň sözleýşini düzetmek ýaly indiwidual okuwy teklip eder. Synag üstünlikli bolan ýagdaýynda, Bilim edarasy repetitor robotlaryň ulanylyşyny giňeltmegi meýilleşdirýär.