Portugaliýanyň “Benfikasynyň” ýarym goragçysy Anhel Di Mariýa Argentinanyň çempionatyna gaýdyp gelmäge taýýarlanýar. Record neşiriniň habar berşi ýaly, 2024-nji ýylyň iýul aýynda 35 ýaşly futbolçy erkin agent hökmünde eziz kluby “Rosario Sentrala” dolanyp geler diýip, championat.com belleýär. Di Mariýa erkin agent hökmünde 2023-nji ýylyň tomsunda “Benfika” geçdi. Öň, ol Madridiň “Realynda”, “PSŽ-de” we “Mançester Ýunaýtedde” hem çykyş etdi. “Benfikanyň” düzüminde oýunçy Portugaliýanyň çempiony we Liganyň kubogynyň eýesi boldy. Di Mariýa “Real” bilen Ispaniýanyň çempionatynda, Çempionlar ligasynda, Ispaniýanyň Kubogynda we Super kubogynda ýeňiş gazandy. “PSŽ-de” oýnan wagty argentinaly ýarym goragçy bäş gezek Fransiýanyň çempiony boldy. 2022-nji ýylda Di Mariýa Argentinanyň milli ýygyndysyna dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmaga kömek etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir