Bütin dünýäde milliarderleriň sany 2022-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda 2376-dan 2542-ä çenli, ýagny 7% ýokarlandy we olaryň baýlygy 11 trillion dollardan 12 trillion dollara çenli — 9% ýokarlandy. Bu barada Şweýsariýanyň UBS bankynyň web sahypasynda çap edilen "2023-nji ýylda milliarderleriň ambisiýalary" atly hasabatda aýdylýar. “Bütin dünýäde milliarderleriň baýlygy, geçen 12 aýda 20% töweregi pese gaçandan soň, Ýewropadaky sarp edijiler we bölek söwda çygrynda işleýän milliarderleriň hasabyna 2022/2023-nji ýyllarda bölekleýin dikeldildi. Umuman aýdanyňda, geçen ýyl dünýäde milliarderleriň sany 7% artyp, 2376-dan 2542-e çenli köpeldi we baýlygy 11 trillion amerikan dollaryndan 12 trillion amerikan dollaryna çenli 9% ýokarlandy "- diýip resminamada aýdylýar. "Şu ýylky hasabatda geçen ýyl baýlyk toplan milliarderleriň köpüsiniň baýlygyny telekeçiligiň hasabyna däl-de, miras arkaly toplandygy anyklandy. Bu temany geljek 20 ýylda has köp göreris diýip garaşýarys, sebäbi müňden gowrak milliarder öz çagalaryna 5,2 trillion dollar geçirýär"-diýdi. Şweýsariýanyň UBS-si, Credit Suisse -ni alany bäri, dünýäde 5,5 trillion dollarlyk emlägi dolandyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir