Virgin Atlantic awiakompaniýasynyň ekologiýa taýdan arassa ýangyç ulanyp, ilkinji transatlantik uçuşy amala aşyran howa gämisi Nýu-Ýorkuň Kennedi adyndaky howa menziline üstünlikli gondy diýip, Reýter agentligi habar berýär. Uçuş, SAF-y ekologiýa taýdan arassa uçar ýangyjy hökmünde öňe sürmek üçin, Flight100 taslamasynyň çäginde amala aşyryldy. Uçaryň ýolagçylarynyň sözlerine görä, uçuş adaty ýagdaýda geçdi. Boeing 787 howa gämisinde Virgin Atlantic-i esaslandyryjy, milliarder Riçard Brenson, bu awiakompaniýanyň ýolbaşçysy Şaý Weýss we Beýik Britaniýanyň Ulag ministri Mark Harper bardy. Beýik Britaniýanyň Ulag ministri ABŞ-nyň Ulag ministriniň orunbasary Polli Trottenberg bilen SAF-yň önümçiligine maýa goýmak meselesini ara alyp maslahatlaşmak isleýär. Awiakompaniýa zyňyndylary 70%-e çenli azaltmak üçin galyndylardan öndürilen ýangyjyň üstünde işleýär, ýöne SAF-yň önümçiligi üçin zerur materiallaryň bahasynyň ýokary bolmagy we üpjünçiligiň çäklidigi ony uly möçberlerde öndürmegi kynlaşdyrýar. SAF-a häzirki wagtda dünýäde ulanylýan uçar ýangyjynyň umumy mukdarynyň 0,1% -indenem az paýy düşüp, ol adaty uçar ýangyjyndan üç-bäş esse gymmat. Awiasiýa pudagyny, ýol ulaglary bilen deňeşdirilende, dekarbonizasiýa etmek aňsat däl we global uglerod zyňyndylarynyň takmynan 2-3%-ini tutýar. Rolls-Royce (RR.L) Trent 1000 hereketlendirijisi bilen işleýän Virgin Boeing (BA.N) 787 tarapyndan ýerine ýetirilýän bu uçuş 100% SAF bilen uzak aralyga täjirçilik uçarynyň ilkinji gezek uçuşydyr. Onda tölegli ýolagçylar ýa-da ýük ýokdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir