Bu ýylky App Store Awards-yň ýeňijilerine 14 programma we oýun girdi, onuň sanawy Apple-iň web sahypasynda çap edildi. Bular ulanyjylara «döredijilik zehini we täze başdan geçirmeler dünýäsini açmaga, maşgalasy hem-de dostlary bilen wagtlaryny hoş geçirmäge» mümkinçilik berýän programmalar. Ýeňijiler App Store-nyň redaksiýasynyň topary tarapyndan “ajaýyp tehniki täzelikleri, ulanyjy tejribesi we dizaýny” üçin, 40-a golaý finalçynyň arasyndan saýlandy. Ýylyň programmalary: iPhone üçin: AllTrails – pyýada syýahaty, haýkingi we welosiped sürmegi halaýanlar üçin programma; iPad üçin: Pret-a-Make-up – ýüze timar berijiler üçin eskiz kitaby, onda dürli ýüz bezeglerini synag edip görüp, pikirleriňi durmuşa geçirip bolýar; Mac üçin: Photomator - köp funksiýaly surat redaktory; Apple TV üçin: MUBI - awtorlyk we festiwal filmleriniň muşdaklary üçin akym hyzmaty; Apple Watch üçin: SmartGym - sport zalynda we öýde türgenleşik üçin programma. Ýylyň oýunlary: iPhone üçin: Honkai Star Rail - Genshin Impact -yň döredijilerinden ýapyk dünýä we RPG elementleri bolan action-adventure žanryndaky oýun; iPad üçin: Lost in Play - animasiýa başdan geçirmesi; Mac üçin: Lies of P - Pinokkio atly android baş gahrymany bolan action / RPG žanryndaky kompýuteriň rolly oýny; Ýylyň arkada oýny: Hello Kitty Island Adventure - Hello Kitty älemindäki gahrymanlar bilen durmuş simulyatory.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir