«Netflix» we «Take-Two» diňe onlaýn kinoteatryň abunaçylary üçin niýetlenen nusgawy «GTA» oýnunyň ykjam nusgalaryny çykarmak barada şertnama baglaşdylar. Bu barada «Netflix-iň» web sahypasynda habar berilýär. 14-nji dekabrdan başlap, akym hyzmatynyň abunaçylary ykjam enjamlarda «GTA III», «Vice City» we «San Andreas» oýunlarynyň kämilleşdirilen nusgalaryny öz içine alýan «Grand Theft Auto The Trilogy Definitive Edition» oýnuny oýnap bilerler. Olar «Android» we «iOS» bilen işleýän enjamlarda elýeterli bolar. Oýunlar «Netflix» ykjam goşundysyndaky ýörite bölümde ýa-da resmi «App Store» we «Google Play» dükanlarynda elýeterli bolar. «GTA The Trilogy» oýnuny işe girizmek üçin işjeň «Netflix» abunalygy we durnukly internet birikmesi gerek bolar. Oýun dolandyryşynyň sensorly ekranlar üçin kämilleşdirilendigi bellenilýär. Grafika kompýuter we konsol nusgalary bilen deňeşdirilende kiçeldilendir. «Netflix» we «GTA-ny» dörediji «Take-Two» şertnamanyň maliýe şertlerini aýan etmediler, ýöne munuň hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädimdigini belläp geçdiler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir