2-nji dekabrda Gamburgda (Germaniýa) 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi. 24 topar dört sebede bölündi, şondan soň bije çekmek arkaly hersi dört topardan ybarat alty toparça kesgitlenildi. A topar: Germaniýa, Şotlandiýa, Wengriýa, Şweýsariýa. B topar: Ispaniýa, Horwatiýa, Italiýa, Albaniýa. C topar: Sloweniýa, Daniýa, Serbiýa, Angliýa. D topar: pleý-off-yň ýeňijisi – A ýoly, Gollandiýa, Awstriýa, Fransiýa. E topar: Belgiýa, Slowakiýa, Rumyniýa, pleý-off-yň ýeňijisi - B ýoly F topar: Türkiýe, pleý-offyň ýeňijisi – C ýoly, Portugaliýa, Çehiýa. A ýolunda ýarym final Polşa - Estoniýa we Uels - Finlýandiýa garaşýarys. Bu milli ýygyndylardan biri Ýewro-2024-iň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşar. B ýol: Ysraýyl - Islandiýa, Bosniýa we Gersegowina - Ukraina. C ýol: Gruziýa - Lýuksemburg, Gresiýa - Gazagystan. Ýewro-2024-iň jemleýji bölüminiň 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndan 14-nji iýuly aralygynda Germaniýada geçiriljekdigini ýatladýarys. Ýaryşyň oýunlary 10 şäheriň 10 stadionynda geçer. Ýewropa çempionatynyň häzirki ýeňijisi Londonyň “Uembli” stadionynda Ýewro-2020-niň finalynda Angliýanyň milli ýygyndysyny ýeňen Italiýanyň ýygyndy toparydyr. Şol finalyň ykbaly jerime urgusynda çözüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir