Türkiýede täze Amperino awtoulag brendi we onuň ilkinji modeli — super ykjam C-100 elektrik heçbegi hödürlendi. Bu doly ýapyk kuzowly agyr kwadrisikl üç adama niýetlenendir. Indeksi Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygy mynasybetli saýlandy. Täze ulag 2025-nji ýylda yzygiderli öndürilip başlanar. Amperinonyň gabarasy uzynlygyna, inine we beýikligine degişlilikde 3159x1500x1450 millimetr, doly toplumdaky ýagdaýdaky agramy 650 kilogram. Salonynyň ýerleşişine adaty däl usul bilen çemeleşildi. McLaren superkarlarynda bolşy ýaly, sürüji merkezde, onuň iki ýoldaşy bolsa yzda iki gapdalda oturýar. Şol sebäpli kiçi kokpitdäki ýolagçylara aýaklaryny uzatmaga mümkinçilik bolýar. Ýükdanynyň göwrümi superykjam ulag üçin örän uly - 370 litr diýlip yglan edildi. Batareýasynyň sygymy we elektrik hereketlendirijisiniň kuwwaty entek aýdylmady. Brendiň resmi web sahypasy Amperino-nyň iň ýokary tizliginiň sagatda 90 km-digini, bir zarýad bilen bolsa 150 kilometre çenli ýol geçip bilýändigini ýazýar. Batareýasy öý elektrik ulgamyndan 4 sagadyň dowamynda zarýad alar. Amperino-nyň kuzowy birleşen materiallardan ýasalýar. Döwrebap elektrik ulaglaryna mahsus bolan skeytbord platformasynda durýar. Akkumulýator blogy teker bazasynyň içinde, poluň aşagynda ýerleşýär. Ýol-ulag hadysasy ýüze çykan halatynda goragynyň gowudygy we sürüjilere häzirki zaman kömek ulgamlarynyň bardygy mälim edildi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir