Şu gün, 4-nji dekabrda sagat 14:00-da Ýer togalagyna magnit tupany aralaşar. Ol 17:00-a çenli aňrybaş güýçli bolar, şondan soň Ýeriň meýdany köşeşip başlar. Degişli çaklamany Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Gün-ýerüsti fizika institutynyň alymlary tarapyndan berildi. Muny Mir24 ýetirýär. Şeýle-de, 5-nji dekabrda irden az-kem tupanyň bolmagyna garaşylýar. Indiki geomagnit tupanlary 19-njy we 22-nji dekabrda bolar diýip çak edilýär. Fizika we matematika ylymlarynyň doktory we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň professory Sergeý Bogaçýowyň düşündirmegine görä, magnit tupanlary Günde dörän alawlaryň netijesidir, Ýagtylgyjyň maddasynyň bir bölegi kosmos giňişligine zyňlanda ol Ýeriň magnit meýdanyna baryp ýetýär we oňa zarba urýar. Adatça, Ýeriň magnitosferasynyň rahatlygy bozulanda howa duýgur adamlar ejir çekýärler. Olaryň kellesi agyrýar we gan basyşlarynyň üýtgemegi mümkin. Howa bagly adamlara mümkin boldugyça rahatlygyňy bozýan ýagdaýlardan gaça durmak, dynç almak we köpräk ýöremek maslahat berilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir