Windows 12 operasion ulgamy 2024-nji ýylyň iýun aýynda çykar. Bu barada Commercial Times habar berýär. Sene gaty ýerlikli görünýär, çünki bu okuwçylaryň mekdeplere we talyplaryň uniwersitetlere we aglaba işgärleriň dynç alyş rugsadyndan yzyna gaýdyp gelýändigi sebäpli islegiň diýseň ýokarlanýan döwri. Windows 11 hem iýun aýynyň ahyrynda hödürlenipdi. Windows 12-niň geljek ýyl çykjakdygy barada öňem ençe gezek aýdylypdy, hatda Intel hem muny gytaklaýyn tassyklapdy. OS-yň täze wersiýasynyň esasy aýratynlygy emeli aň ulgamlary bilen berk integrasiýa bolar, ýöne haýsy görnüşde boljagy entek belli däl, sebäbi häzirem Microsoft Windows 11-e we hatda Windows 10-a hem AI-ni işjeň goşýar. Mundan başga-da, häzirki zaman prosessorlarynda AI üçin enjamlary tizleşdiriji bloklar (Ryzen 7000 we Intel Meteor Lake) öňde-soňda haýsydyr bir usul bilen ulanylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir