Korporatiw dabarasy we şüweleňi – islendik iş toparynda şatlykly ýagdaýyň emele gelmeginiň möhüm bölegidir, çünki ol işgärlere ajaýyp işleri üçin sagbolsun aýtmaga we olaryň topar hökmündäki ruhuny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle çäreleri guramak aýratyn çemeleşmäni talap edýär. Aşgabadyň Parahat-4 ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän «Soltan» restoranynda bu wezipäni üstünlikli ýerine ýetirýärler. Bu ýerde islendik sebäp boýunça korporatiw çäreleri geçirmek üçin zaly ýa-da birnäçe stoly bronlamak, diňe ýolbaşçylary çagyrmak ýa-da tutuş topary ýygnamak, diňe agşamlyk bilen çäklenmek ýa-da giň gerimli dynç alyş meýilnamasyny saýlamak mümkindir. Ýokary hünär derejeli we tejribeli aşpezler tarapyndan taýýarlanan türk aşhanasynyň dürli görnüşli tagamlary, ajaýyp we kaşaň bezelen zal, ünsli işgärler, bar, tans meýdançasy we janly aýdym-saz müşderileriň hyzmatyndadyr. Şeýle hem baýramçylyk tortyny sargyt etmek mümkinçiligi bardyr. «Soltan» restorany myhmanlaryna şu salgyda garaşýar: Aşgabat, Parahat-4 ýaşaýyş toplumy, Andalyp köç., 80 B, 2-nji gat. Telefonlar: (+993 65) 69 16 16, (+993 12) 47 40 25, (+993 12) 47 40 26. Şeýle-de okaň:

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir