Aktrisa Margo Robbi, aýdymçy Beýonse we Ýewropa komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen «The Financial Times» (FT) britan gazetiniň tamamlanyp barýan iň täsirli zenanlarynyň 25-siniň sanawynyň başyny çekdi. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Report.az» neşiri ýazýar. Sanawda şeýle hem nigeriýaly ýazyjy we şahyr zenan Lola Şoneýn, «Suntory Beverage and Food» ýapon azyk kompaniýasynyň baş direktory Makiko Ono, wenger alymy Katalin Kariko, dizaýnçy Fibi Faýlo, hindi aktrisasy we aýdymçysy Aliýa Bhatt, «General Motors» kompaniýasynyň baş direktory Meri Barra, şweýsariýaly syýasatçy Karin Keller-Zutter we beýlekiler bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir