30-njy noýarbda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine gurluşyk, maliýe, energetika pudaklaryna degişli strategiki resminamalary taýýarlamagyň, oba hojalygy, medeniýet, bilim we ulag ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleri çözmegiň meseleleri girizildi. Ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga we türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny we milli taslamalary durmuşa geçirmegiň anyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Öňde boljak çäreler 1-2-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP-28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrar. 5-nji dekabrdan başlap, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, şeýle hem Türkmenistanyň welaýatlarynda baýramçylyk söwdasy guralar. 6 — 8-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi guralar hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik maslahaty, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi geçiriler. 12-nji dekabrda – Halkara Bitaraplyk gününde «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forum, Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşygy, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň 75 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanan «tegelek stoluň» başyndaky maslahat geçiriler. 2023-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanda ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler. Bu dabarada ýylyň dowamynda daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň olimpiadalarynda ýeňiji bolan türkmen ýaşlarynyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener. Ýaşlaryň ýkdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýeten sepgitlerine serediler. Gurluşyk Türkmenistanyň Hökümeti Aşgabat şäheriniň 2045-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasyny işläp taýýarlaýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu meýilnama işlenip taýýarlanylanda ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryndan, öňdebaryjy halkara şähergurluşyk tejribesinden ugur almagy tabşyrdy. Maliýe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge, onda göz öňünde tutulan çykdajylary rejeli özleşdirmäge we girdejileri ýokarlandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi. Ýangyç-energetika toplumy Türkmen tebigy gazyny sarp edijilere bökdençsiz we ygtybarly akdyrmak üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz gysyjy desgalarynda düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär. Oba hojalygy Türkmenistanyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň ekerançylary şaly hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Mallaryň ýyly we dok gyşladylmagy üçin häzirki wagtda taýýarlanan ot-iýmleri olaryň gyşladyljak ýerlerine daşamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Medeniýet Türkmenistanda «Asyrlaryň yzlary» atly halkara ylmy ýygyndy neşir ediler, onda ýurduň taryhy we medeni ýadygärliklerinde geçirilen ylmy barlaglaryň dowamynda soňky ýyllarda toplanan maglumatlar ýerleşdiriler. Ýygyndy Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň öz serişdeleriniň hasabyna türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir ediler. Täze neşiriň redaksion geňeşiniň düzümine türkmen bilermenleri bilen bir hatarda, Fransiýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň meşhur alymlary hem goşuldy. Bilim Türkmenistanda bilim edaralaryny akkreditirlemegiň milli ulgamy dörediler. Munuň üçin Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Täze ulgam Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerini halkara reýtingine goşmak maksady bilen dörediler. Ulag Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlaýar hem-de Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topary döretmegi maksat edinýär. Geçirilýän işler Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna laýyklykda, uçuşlaryň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmäge gönükdirilendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir