Dekabr aýynda Türkmenistanda Ýapon filmleriniň 7-nji festiwaly geçiriler. Festiwalyň açylyş dabarasy 15-nji dekabrda sagat 17:30-da Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» kinoteatrynda geçiriler. Festiwal Aşgabatda 17-nji dekabra çenli dowam eder. Onda degişli yzygiderlilik boýunça aşakdaky filmler görkeziler: 15-nji dekabr sagat 18:00-da — Asmandaky restoran» filmi; 16-njy dekabrda sagat 18:00-da — «Diňe pişik bilýär» filmi; 17-nji dekabrda sagat 18:00-da «Takeşi Ýaşironyň animasiýasy» filmi. 23-nji dekabrda festiwal öz işini Türkmenabat şäherinde dowam etdirer. Açylyş dabarasy sagat 14:45-de Medeniýet merkezinde geçiriler. Şol gün degişli yzygiderlilik boýunça aşakdaky filmler görkeziler: Sagat 15:00-da «Takeşi Ýaşironyň animasiýasy» filmi; Sagat 17:00-da « Diňe pişik bilýär» filmi. Festiwala girmek ähli isleg bildirýänler üçin açykdyr. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir