«Virgin Atlantic» kompaniýasy ekologiýa taýdan arassa ýangyçda ilkinji transatlantik uçuşy amala aşyrdy diýip, «Habar 24» ýazýar. «London – Nýu-Ýork» ugry boýunça uçuşy amala aşyran uçary kerosin däl-de, ýaglaryň we mekgejöweniň galyndylaryndan alnan ösümlik ýagynyň 50 tonnasy bilen üpjün etdiler. Uçarda diňe üç ýolagçy, şol sanda kompaniýanyň eýesi Riçard Brenson uçdy. Bu gün awiapudagyň paýyna dünýäde howa taşlanýan kömürturşy gazynyň 3 göterimi degişlidir. Pudak 2050-nji ýylda bu ugurda nol görkezijä ýetmek isleýär. Emma häzir ekoýangyç kerosinden 3 essä golaý gymmatdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir