Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň 300-den gowrak raýatynyň bilim almagy iki ýurduň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Muny Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew Aşgabatda Rumyniýanyň Milli gününe bagyşlanan gala agşamynda aýtdy. Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ion Nawal hem öz gezeginde okamak üçin Rumyniýany saýlaýan ýaş türkmen raýatlarynyň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny belledi. Bellenilişi ýaly, adatça, türkmen talyplary köplenç nebit we gaz pudagy bilen baglanyşykly hünärleri öwrenmegi saýlaýarlar, ýöne lukmançylyk, biologiýa we informatika ýaly ugurlara isleg hem barha artýar. «Biz bu diwersifikasiýa ymtylyşy goldaýarys we höweslendirýäris, sebäbi Rumyniýa ajaýyp akademiki bilimi we häzirki zaman bilim maksatnamalaryny, şeýle hem soňky nesliň tehniki we ylmy mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, mümkinçilikleri we ajaýyp artykmaçlyklary hödürleýär» diýip, I.Nawal gala agşamynda nygtady. Ýadymyzda bolsa, 2023-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda Rumyniýa bilen Türkmenistanyň Bilim ministrlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi. Bu resminamanyň kömegi bilen, rumyn tarapy türkmen ýaşlaryna berilýän talyp haklarynyň sanyny ep-esli artdyrdy — bakalawrlar üçin ýylda 50, magistrler üçin 50 we doktorlyk talyplary üçin 5.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir