Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Ýazdursun Gurbannazarowanyň ýolbaçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýa iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berdi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen Gruziýanyň Halk goragçy edarasynyň (Ombudsmen) ýolbaşçysy Lewan Ioselianiniň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde tejribe alyşmak, şeýle hem milli hukuk goraýjy edaranyň netijeliligini ýokarlandyrmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler. Iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlygyň ýakyn geljekdäki gün tertibi barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da, Gruziýanyň Halk goragçy edarasynyň orunbasary merkezi edaranyň alyp barýan ugurlary, onuň düzüm birlikleri we sebitleýin edaralarynyň işi bilen türkmen wekiliýetini giňişleýin tanyşdyrdy. Şeýle hem türkmen wekiliýeti Gruziýanyň Ýörite derňew gullugynyň, Adam hukuklary boýunça merkeziniň we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Olarda taraplar adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça wajyp ugurlar babatda pikir alyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir