Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler we zenanlar ýygyndylary şu günler Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilýän «Euroasia 3*3 Tournament» atly halkara ýaryşa gatnaşýarlar. Duşuşyklaryna şu gün ― 1-nji dekabrda başlanan halkara ýaryş 10-njy dekabrda tamamlanar. Halkara ýaryşda Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň her birine 8 türgen wekilçilik eder. Olara Toýly Baýryýew bilen Timut Timirhanow tälim berýär. Tälimçilerdir türgenlerden başga-da Türkmenistanyň wekiliýetinde topar ýolbaşçysy bilen halkara derejeli emin hem bar. T/b Familiýasy we ady Türgen, tälimçi Sport derejesi 1. Hojamedow Merdan Türgen Sport ussatlygyna dalaşgär 2. Nazipow Ýewgeniý Türgen Sport ussatlygyna dalaşgär 3. Hojagulyýew Annaguly Türgen Sport ussatlygyna dalaşgär 4. Mämmetmyradow Kerim Türgen Sport ussady 5. Hydyrow Şalar Türgen I dereje 6. Narmyradow Döwlet Türgen I dereje 7. Beş Kirill Türgen I dereje 8. Hojaberdiýew Maksat Türgen I dereje 9. Hydyrowa Zybagözel Türgen I dereje 10. Azizowa Dilfuza Türgen I dereje 11. Altybaýewa Anastasiya Türgen I dereje 12. Jumageldyýewa Mährijemal Türgen Sport ussady 13. Salmina Mariýa Türgen I dereje 14. Hajymämmedowa Jennet Türgen I dereje 15. Zinkina Kseniýa Türgen I dereje 16. Myradowa Aýnura Türgen I dereje 17. Baýryýew Toýly Tälimçi 18. Timurhanow Timur Tälimçi 19. Ibragimow Bahtiýar Halkara derejeli emin 20. Mahtumowa Bahar Ýolbaşçy

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir