J.Balasagyn adyndaky Gyrgyzystanyň milli uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky (Bişkek ş.) ilçihanasy tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «tegelek stol» guraldy. 2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda bolan «tegelek stoluň» işine ilçihananyň wekilleri, GMU-nyň ýolbaşçylary, şeýle hem ady agzalan ýokary okuw jaýynyň ylmy-mugallymlar topary we uniwersitetiň talyplary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, çärä gatnaşyjylar öz çykyşlarynda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girizilen Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň möhüm ornuny bellediler we görnükli türkmen şahyrynyň we Gündogaryň akyldarynyň işini gorap saklamagyň zerurlygy barada umumy pikiri aýtdylar. Şeýle hem filosof-şahyryň döredijilik zehininiň we filosofiki taglymatlarynyň nesillere ylham bermegini dowam etdirýändigi we türkmen medeniýetiniň, edebiýatynyň ösmegine, şeýle hem ähliumumy gymmatlyklaryň wagyz edilmegine goşan goşandy üçin aýratyn üns berilmäge mynasypdygy bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir