Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde türki dünýäsiniň medeni syýahatçylygynyň geljegine bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar diýip, «Report.az» habar berýär. Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk gullugy we Türki Döwletleriň Guramasy tarapyndan guralan bu çäre «Türk dünýäsiniň medeni syýahatçylygynyň geljegi» diýlip atlandyrylýar. Ylmy maslahatyň maksady türk dilli döwletleriň bilelikdäki syýahatçylyk önümlerini we ugurlaryny döretmek barada pikir alyşmak, şeýle hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat. Çärä resmi gurluşlaryň wekilleri, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň we Wengriýanyň medeni miras boýunça hünärmenleri gatnaşýar. Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň wekilleri maslahatda «Türki dilli ýurtlaryň çarwa durmuşyny syýahatçylyk önümine öwürmek» mowzugy boýunça çykyş etdiler. Ýok bolmak howpy abanýan çarwa durmuş ýolunyň türki halklaryň arasynda dowam edýändigi bellendi. Çäräniň çäginde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň milli tagamlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir