Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al-Nahaýýan möçberi 30 milliard amerikan dollaryna deň bolan täze howa gaznasynyň döredilýändigini yglan etdi. Ol bu barada Dubaýda geçýän Bütindünýä howa forumynda habar berdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar. Gazna ählumumy howa çözgütlerini durmuşa geçirmek üçin ýöriteleşer. Düýn Dubaý şäherinde 28-nji Bütindünýä howa sammiti (COP-28) öz işine başlady, oňa 150 töweregi ýurduň wekilleri gatnaşýarlar. Sammit iki gün dowam eder. Onda ekologiýa, azyk howpsuzlygy, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, ýaşyl energiýa, has pes ösen ýurtlary howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňmekde maliýe taýdan goldamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir