Ýakynda Türkmenistandaky Togalak arheologiki taslamasynyň (TAP) güýzki meýdan möwsümi uly üstünlik bilen tamamlandy diýip, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. Togalak 1 — gadymy Margianada bir wagtlar gülläp ösen Murgap sebitindäki bürünç asyryna degişlidir (häzirki Mary welaýatynyň çäginde). Ekspedisiýa ýakyn aýlarda seljeriljek köp sanly täze maglumatlary toplady diýlip, habarda bellenilýär. Habarda bellenilişi ýaly, toplanan maglumatlar Bern uniwersitetinden Barbara Çerazetti we Miroslaw Nowakyň ýolbaşçylygyndaky ajaýyp toparlaýyn işdir. Şeýle hem bu taslamanyň esasy hyzmatdaşlary we hemaýatkärleri ISMEO (Ortaýer deňzi we gündogary öwreniş halkara birleşigi), German gözleg gaznasy (Deutsche Forschungsgemeinschaft), Ýewraziýa gözleg jemgyýeti (Maks Plank instituty) we beýlekilerdir (Berliniň erkin uniwersiteti, German arheologiýa instituty, Salento uniwersiteti, Bolonýa uniwersiteti). 1990-njy ýyldan bäri türkmen-italiýan arheologiki ekspedisiýasy Türkmenistanda köp sanly gözleg taslamasyny amala aşyrdy. Şolaryň biri-de bürünç we demir asyrlarynda oturymly ýerleri öwrenmegiň çäginde Murgap deltasynyň arheologiki kartasyny döretmekdir. Bu ekspedisiýa 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda 20 müň kwadrat kilometrden gowrak meýdanda gözleg agtaryş işlerini alyp bardy. Netijede, bürünç eýýamyndan yslam döwrüne çenli, takmynan, 2000 meýdança hasaba alyndy. 2014-nji ýyldan bäri ekspedisiýa Murgap sebitiniň iň möhüm we giň ilat merkezleriniň birinde durmuşyň soňky döwürleri barada köp mukdarda maglumat ýygnamaga mümkinçilik berýän Togalak 1-da iş alyp bardy. Bu barada «News Central Asia» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir