«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çörek kärhanasy şu ýylyň 11 aýlyk meýilnamasyny önümçiligiň ähli ugurlary boýunça oňat görkezijiler bilen jemledi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, welaýat merkeziniň ilatyny çörek we çörek önümleri bilen bökdençsiz üpjün edýän bu öňdebaryjy kärhanada ýanwar — noýabr aýlarynda 4,5 müň tonna golaý çörek we çörek önümleri öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýokary ösüş depgini üpjün edildi. Şu döwrüň içinde kärhanada süýji kökeleriň 37 tonna golaýy taýýarlanyp, sarp edijilere ýetirildi. Ýylyň 11 aýynda bu kärhana boýunça jemi öndürilen önüm pul mukdarynda 9 million 500 müň manatlykdan gowrak boldy. Işleriň täze eýýamyň ösen talaplaryna laýyklykda guralmagy, iş bölümlerine ornaşdyrylan kämil tehnologiýalaryň sazlaşykly işledilmegi önümleriň möçberini hem görnüşlerini artdyrmaga, olaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu ýerde önümleriň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Mürepbeli bulkalara, galypda bişirilen çöreklere, hut öýdäki tamdyrda ýapylan ýaly tagamly milli nanlara şäher ilaty tarapyndan uly isleg bildirilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir