Germaniýanyň kärhanalarynyň we guramalarynyň 45-sinde öňdäki ýylyň fewralyndan başlap, dört günlük iş hepdesi synag görnüşinde giriziler. Bu barada DPA habarlar gullugyna salgylanýan «Report.az» ýazýar. Fewraldan başlap soňky alty aýyň dowamynda kärhanalar wezipe borçlaryny ýerine ýetirmekde 80 göterim wagt hem-de 100 göterim zähmet hakyny tölemek şerti bilen dört hepdelik iş hepdesini synag ederler. Taslama gatnaşyjylaryň ýarysyndan gowragy işgär sany 9-48 adam arasyndaky kiçi kärhanalardyr, 14 göterimi işgär sany 249 adamdan durýan iri kärhanalardyr. Fewrala çenli olar ýörite seminarlarda taýýarlanar. Maksatnamanyň ylmy bölegini durmuşa geçirmek Wilgelm adyndaky Westfal uniwersitetine ýüklendi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir