«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary gaz känlerinde guýulary burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Tagtabazar gaz känindäki 29-njy belgili ulanyş, baha beriş guýusyndan tebigy gazyň akymyny aldylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Müdirligiň gazçylary şu guýynyň burawlaýyş işlerini 1940 metr çuňluga ýetirdiler. Burawlaýjylar özlerine berilýän kömek-goldawlar hem-de burawlamakda toplanylan baý iş tejribesi arkaly, 1893, 1883 metr çuňlukdaky aralykdan senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde 226 müň 400 kub metr tebigy gaz berýär diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir