Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda ýokary okuw mekdebiň dirižýorlyk kafedrasynyň hor toparynyň konserti geçirildi. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ý.Moskwiçýowanyň ýolbaşçylygyndaky hor toparynyň konsertinde akapella hem sazandarly aýdymlar ýaňlandy. Kompozitor W.Ahmedowyň sazyna Magtymguly Pyragynyň goşgusyna «Türkmeniň», D.Hydyrowyň sazyna D.Gurbanowyň goşgusyna «Parahatlyk gerek» ýene-de şol kompozitoryň sazyna B.Saryýewiň goşgusyna «Elwan güller», Ç.Nurymowyň sazyna, Magtymguly Pyragynyň goşgusyna «Oýanmaz» aýdymlar akapella görnüşinde ýerine ýetirildi. Meşhur kompozitor P.I.Çaýkowskiniň «Garahal gelin» operasyndan, K.Orfyň «Karmina Burana» kantatasyndan, F.Şubertiň G-dur messasyndan ýerine ýetirilen horlar sazly agşamyň baý mazmuna beslenmegine getirdi. Bu eserlerde hor bilen bilelikde konserwatoriýanyň aýdym sungaty kafedrasynyň talyplary B.Gandymowa, S.Akmämmedowa dagy ýekelikde çykyş etdiler. Şeýle hem konsertde uly mugallym B.Gaýypowyň, talyp K.Esenowyň ýerine ýetirmeklerinde M.Beýmanowanyň hem Ý.Darçiýanyň sazandarlyk etmeklerinde birnäçe aýdymlar ýaňlandy. Konsert D.Hydyrowyň sazyna A.Annaýewiň goşgusyna «Gözel şäher Arkadag» aýdym bilen tamamlandy. Hor toparynyň ýerine ýetiren aýdymlaryna uly mugallymlar Ý.Moskwiçýowa hem R.Orunowa dirižýorlyk etdiler. Olara uly mugallym M.Orazowa sazandarlyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir