2023-nji ýylyň dekabry Täleýnamanyň üç ýyldyzy üçin maliýe taýdan amatly aý bolar. Akraplar (içýan), Jediler (owlak) we Balyklar girdejileriniň artmagyna, şeýle hem çykdajylarynyň netijeli dolandyrylmagyna garaşyp bilerler. Akraplar Akraplar üçin dekabr aýy köp sanly maliýe mümkinçilikleriniň wagty bolar. Olar täze girdeji çeşmeleri, potensial müşderiler ýa-da bäsdeşler barada möhüm maglumatlary alyp bilerler. Akraplar töwereginde bolup geçýän wakalara ünsli bolmalydyrlar we mümkinçilikleri elden gidirmeli däldirler. Olaryň etmeli işleri kän, ýöne gazanyljak netije muňa degýär. Jediler Jediler hünär ussatlygy we meseleleri çözmek ukyby bilen girdejilerini artdyryp bilerler. Olar başarnyklaryny we işlerine wepalylygyny görkezip bilerler, bu bolsa ýolbaşçylaryň we kärdeşleriň ünsüni çeker. Bu döwür täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we täze girdeji çeşmelerini gözlemek üçin hem amatlydyr. Balyklar Dekabr aýynda Balyklara şowly söwdalar we üstünlikli işewürlik çözgütleri garaşýar. Balyklaryň duýgurlygy (intuisiýasy) maliýe meselelerinde olaryň ygtybarly kömekçisi bolar. Ol dogry maliýe çözgütlerini kabul etmäge we ýalňyşlyklardan gaça durmaga kömek eder. Ýyldyzlar olarda altynjy duýguny oýarmasa-da, olaryň duýgurlygy Täleýnamanyň beýleki ýyldyzlarynyňkydan has güýçli bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir