Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Zambiýa Respublikasynyň Prezidenti Hakainde Hiçilema hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Zambiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. — Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalar esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda belleýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hakainde Hiçilema tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Zambiýa Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir