Türkmenistanda 1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary dowam edýär. Saparyň dowamynda döwlet Baştutany «COP-28» maslahatynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi we Ählumumy howa sammitinde çykyş etdi. «Şu gün bu belent münberden Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna özüniň goşulýandygy barada resmi taýdan beýan edýär» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 2. Türkmenistanda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Indi milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça ygtyýarly döwlet edarasy bilermenleriň netijelerine esaslanyp özbaşdak çözgütleri kabul eder we kesgitlenen ýer böleklerinde gymmatly obýektleriň bardygy ýa-da ýokdugy barada netijenama berer. 3. Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň 300-den gowrak raýatynyň bilim almagy iki ýurduň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Däp bolşy ýaly, türkmen talyplary, köplenç, nebitgaz pudagy bilen baglanyşykly hünärler boýunça bilim almagy saýlaýarlar, ýöne lukmançylyk, biologiýa we informatika ýaly ugurlarda bilim almaga hem isleg artýar. 4. Maşatdaky Türkmenistanyň Baş konsullygy syýahatçylyga we azyk önümlerine bagyşlanan «Star Expo 2023» sergisinde ýurduň diwarlygyny ýaýbaňlandyrdy. Bu çäre Eýranyň Maşat şäherinde, «Ýyldyz» söwda merkeziniň binasynda geçirildi. Dünýäde 5. Hytaýly alymlar gyş aýlarynda Ýerdäki ortaça temperaturanyň öňki ýyllaryň ortaça temperaturasy bilen deňeşdirilende, Selsiniň şkalasy boýunça 1 gradus ýokary boljakdygyny çaklaýarlar. Alymlaryň bellemeklerine, ýokary temperatura Ýewraziýanyň orta giňişligindäki köp sebitlerde hasaba alnar. Alymlar bu rekord görkezijileriň diňe bir antropogen global ýylylygyň tizlenmegi bilen bagly bolman, eýsem, El-Ninýo howa hadysasynyň güýçlenmegi bilen hem baglanyşykly bolup biljekdigini çaklaýarlar. 6. 1-nji dekabrda «Ýandeks.Muzyka» dizaýnyny täzeledi we «Meniň tolkunym» atly täze funksiýany işe girizdi. Hyzmatyň täzelenen dizaýnynda aýdym-saza we onuň döredýän duýgularyna aýratyn ähmiýet berilýär. Baş sahypa has ýönekeý we düşnükli boldy, täze şriftler we reňkler bolsa aýdym diňlemek üçin has amatly gurşaw döredýär. Sport habarlary 7. «Arkadag» toparynyň futbolçylary taryhyndaky ilkinji Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionlygyny möhletinden öň gazanmaga ýakyn geldiler. Ýaryşda ýeňiş gazanmak üçin bary-ýogy bir ädim galdy – 3-nji dekabrda geçiriljek indiki aýlawda «Altyn asyry» ýeňmeli. Häzirki wagtda «Arkadag» toparynyň 19 oýundan soň 57 utugy bar, ikinji orunda barýan «Altyn asyryň» 44 utugy we ätiýaçlykdaky bir oýny bar. Eger ýeňiş gazansa, «Arkadag» yzyndaky toparlar üçin elýetmez bolmaz we ýaryşyň tamamlanmagyna 4 aýlaw galanda möhletinden öň çempionlyga eýe bolar. 8. Aziýa Futbol Konfederasiýasy Saud Arabystanynyň Saýlama Çempionlar ligasynyň soňky tapgyrynyň geçiriljek ýurdy boljakdygyny tassyklady. Ýatlatsak, geljek möwsümden başlap, Aziýa yklymynyň iň gowy 24 kluby Günbatar we Gündogar sebitler boýunça 12 topardan ybarat iki toparça bölüner. Olar 1/8 finala çykmak hukugy üçin Ligada öz meýdançalarynda we myhmançylykda duşuşyklary geçirerler, ýeňiji bolan sekiz topar final tapgyryna çykarlar. Aziýanyň toparlaýyn futbolynyň taryhynda bolup geçen iň uly özgertmeleriň çäklerinde çärýek final, ýarym final we final oýunlary Saud Arabystanynda bir oýun görnüşinde geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir