türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Saparynyň barşynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda iş maslahatyny geçirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatynda ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serd­ar Berdimuhamedowyň şu ýyl ýurduň ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly çäreleriň geçirilendigi baradaky aýdanlaryna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bular barada aýdyp, döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, öňde ýaşlar ýylynyň jemlerini jemlemek, ähli ulgamlarda öz hünär ugurlary boýunça göreldeli zähmet çekip, ýurduň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýan, halkara bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýeläp, Watanyň at-abraýyny belende galdyrýan ýaşlary sylaglamak bilen bagly möhüm wezipeleriň durandygyny belledi. Iş maslahatynyň dowamynda degişli ýolbaşçylar şu ýyl türkmen ýaşlarynyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalar, dürli ulgamlarda olaryň gazanan üstünlikleri, şeýle hem ýaşlary sylaglamak dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabatlary berdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabatlary diňläp, häzirki bagtyýar döwürde ýaşlaryň täzeçil teklipleriniň, döwrebap oý-pikirleriniň ulanylmalydygyny belledi. Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak Ýaşlar forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigi, onuň çäklerinde guraljak sergide ýaşlaryň dürli ugurlar boýunça gazanan uly üstünlikleriniň öz beýanyny tapmalydygy barada aýdyp, gymmatly maslahatlaryny berdi. Forumyň çäklerinde ýaşlaryň maslahatynyň ýokary derejede geçirilmelidigi, oňa ähli ugurlarda ýurduň öňdebaryjy ýaşlarynyň işjeň gatnaşmalydygy, umuman, ýaşlar ýylynyň jemleri bilen bagly bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigi barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy möhüm wezipelere ünsi çekdi. Forumda ähli ulgamlarda göreldeli zähmet çekýän, öz hünär ugurlary boýunça ukyp-başarnyklaryny, ussatlyklaryny görkezýän, jemgyýetçilik durmuşynda, medeni-köpçülikleýin çärelerde işjeň çykyş edýän, ýurduň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýan, halkara bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýeläp, Watanyň at-abraýyny arşa göterýän ýaşlaryň, şeýle hem merdana ata-babalaryň mertlik ýoluny mynasyp dowam edýän edermen ýaş Watan goragçylarynyň sylaglanylmalydygy, toplumlarda sylaglara mynasyp bolan ýaşlary saýlap-seçmek babatdaky işleriň alnyp barylmalydygy we teklipleriň taýýarlanylmalydygy barada aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu babatda öwüt-nesihatlaryny, tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir