Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekiliýeti öň gol çekilen resminamalaryň çäginde kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin Eýrana bardy. Bu barada HHM habar berýär. Türkmen uniwersitetiniň wekilleri Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen Oba hojalygy ylymlary we tebigy baýlyklar uniwersitetinde gepleşik geçirdi. Taraplar bilim pudagynda düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Saparyň çäginde oba hojalygy pudagynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergi guraldy. Türkmen wekiliýeti Gürgen şäheriniň innowasiýa merkezine baryp gördi. Ol ýerde ýerli hünärmenler bilen duşuşyklar geçirildi, şeýle hem sebitdäki ýyladyşhanalar we oba hojalyk ýerleri bilen tanyşlyk boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir